Ogurlanan arzuw
Adam aýtdy:
"Waşingtonda, Amerikanyň beýleki şäherlerinde, ýaşaýayş etraplarynda gowy görýän zadym köçelerde goýlan kiçiräk kitap tekjeleri. Olarda adamlar özlerine gerek däl kitaplary goýýarlar. Kitap al, kitap goý diýip ýazylgy. Sag bolsunlar. Eliň ýukarak bolsa, çeper eser üçin 10-20 dollar pul bermek kyn. Şol tekjeleriň arkasyndan onlarça kitap okadym. Kä kitaby okap, yzyna eltesim gelmedi, dogrusy. Başga zat ogurlap bilmesemem, özümi kitap ogurlamaga ukyply saýýaryn. Bizde hem şular ýaly kitap alşylýan tekjeler gurulsa bolmaýarmy, ýurduma dolansam, synag edip görsem diýýärdim. Arada Krasnodardsa şeýle synag edipdirler. Emma iki-üç geçmänkä, belki-de gije gelip, ol kitap tekjesini oitlap, gara-köýük edip taşlapdyrlar. Ýagşy niýetimiň, arzuwymyň ýüzüne urlan ýaly boldum. Has dogrusy, ençeme ýyllap ýüregimde göteren, aýalym bilen paýlaşan arzuwym ogurlandy."