TDH meni ýykdy
Adam aýtdy:
"TDH-nyň habarlaryny okasaň, çaşyň gözüne sereden ýaly bolýarsyň. Ozallar redaktor diýip bir işgär bolardy, çalasowat žurnalistleriň bolmanda sözlemlerini düzederdi. Indi ne redaktor, ne okyjy galdy. Onsoň, her hili sözlem düzseň bolýar. Ynanmasaňyz, şuny okaň görüň: "Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň özüniň doglan güni mynasybetli gowşuran mukaddes Käbäniň gapysynyň şekilinde Gurhany-Kerimiň mukaddes aýatlarynyň ýazgylary ýerleşdirilen sowgady täze metjide gowşurýandygyny aýtdy." Düşündiňizmi? Düşünen bolsaňyz, siz menden daýaw bolmaly. TDH meni-hä ýykdy, adamlar!"