Otuz ýyla çeken garyplyk

Adam aýtdy:

"Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde "Kyrk ýylga tikin baý jygaý tüzliner", ýagny, "Kyrk ýyla çenl baý-garyp deňlener" diýen nakyl bar eken. Sowet döwründe baý-garyp tas deňdi, ogry kommunistler hem häzirki ýaly, ogurlan mal-dünýelerini güjeňläp, garyplary aç-açan kemsidip bilmezdi, sypaýyçylygy saklamaga mejburdy. Emma indi otuz ýyla golaý eden-etdilik, ogrular baý boldy, käte içinde gaty gidenleri türmä basylsa-da, ýerine täze ogrular gelýär, garyplar bolsa barha beter garyp düşýär. Ýa, nakyldaky ýaly, kyrk ýyl bolanda, ýene on ýyldan baý-garyp deňleşjekmikä?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024