Ýeňlen adam
Adam aýtdy:
"Käte ol ýa-da başga birine heňkirip oturan adamyň wideosy öňüňden çykýar. Durmuşda görnetin ýeňlen, gahara ýa göriplige erkini aldyryp, başga birlerini kemsitjek bolýan adamyň düşen agyr ýagdaýyna düşünmez ýaly däl. Belki, içini dökensoň, ýagdaýy gowulanýandyr. Mekdepde bir mugallymymyz bardy, öý işiňizi edip geliň, meni käýitmäň, sesimi gataltsam, soň özümden utanýan, ýüregim agyrýar diýerdi. Ýöne soň bir başlygym boldy, bahana tapsa gygyryp, işgärlerini kiçeltjek bolardy, özem hemişe gaýtargy bermejegi gözlärdi. Birine gygyrsa, şol gün bagtly bolýardy diýip, aradan çykanda ýeňsesinden gürrüň etdiler. Soň bildim, pahyryň aýaly gaty gykylykçy eken. Goňşusy onuň aýalyndan gaty gorkandygyny, öýünde bir, işde başga adam bolandygyny, belki-de, öýünde köýen aryny işdäkilerden alandygyny gürrüň berdi. Şondan bäri gykylykçy görsem, ilki onuň öýündäki ýagdaýy barada pikir edýärin: pahyr, aýalyndan gorkýarmyka, ýa öýündäkilere, çagalaryna kesekilerden hem beter azgyrylýarmyka? Bir ýerde okapdym, erkekleriň pes gylyklary aýallary ýa-da başga birleri özlerine doly garaşly bolanda ýüze çykyp başlarmyş. Çünki, gylyksyz erkek aýalyny ýa başga birlerini çäresiz, goragsyz görse, gowy bolup görünjek bolmagyny bes edermiş. Gowy bolup görünmäge sebäp görmeýän, adamkärçiligi we sypaýyçylygy aýak astyna taşlan adamdan hudaý gorasyn!"