Uzak ýoldaky tanyşlyk
Adam aýtdy:
"Obamyzda iki kitaphana bardy, biri mekdebiňki, beýlekisi obanyňky. Birinden tapmadyk kitabymy beýlekisinden gözläp, ikisine-de sekiz-dokuz ýaşymdan bellentgi boldum. Kitaphanaçy aýallar esasan alan kitaplarymy wagtynda, öňki bolşy ýaly yzyna getirýänime begenerdiler. Bu dünýä kitaplardan başlan syýahatym soň ömür barmajak ýerlerimden çykardy, görmejek adamlarymy görkezdi. Geň ýeri, ilkiler bahyllyk edýänler kitaphana gatnan, okan adamlardy. Olar köplenç açyk kitap däldi. Peslikleriniň bilinmegini islemezdiler, niýetlerini ýaşyrjak bolardylar, gatyrak gidenlerinden soň ötünç sorardylar. Soň öňümden hiç kitap okamadyk, okasa-da düşünmedik adamlar çykdy. Olar köplenç açyk kitapdy, ne öz derejesini, ne garşysyndakynyň derejesini, ne başga zady bilýärdi. Iň esasy bolsa, olarda utanç ýokdy. Sowatsyz we utançsyz adamlar aýylganç bolar eken. Sebäbi olar nämeden utanmalydygyny, näme üçin haýa etmelidigini, daşyndan nähili görünjegini hem bilmeýärler."