Tilkiniň emeli ýa-da 'aýlykly ýazyjylar'
Adam aýtdy:
"1991-nji ýylda, türkmen ýazyjylarynyň soňky gurultaýynda ýurduň dürli sebitlerinden bolan tanymal ýazyjylar we olaryň goldawçylary birleşip, senzuranyň gaýtadan pugtalandyrylmagyna, söz, metbugat azatlygynyň ýok edilmegine gol ýapdylar. On bäş ýyl çemesi soň şol tanymal ýazyjylaryň biri bilen ikiçäk gürleşmek miýesser etdi. Ol indi kyhlanan, gara sanawa salnan ýazyjydy, öňki badyhowalygyny taşlap, adaty adam bolupdy. Onsoň pursatdan peýdalanyp, "Şonda näme üçin söz, metbugat, pikir aýtmak azatlygyna garşy birleşip, halkyň bagtyny ýatyrdyňyz, öz oturan şahaňyza palta urduňyz?" diýip soradym. Ol ajy ýylgyryp: "Tilkiniň emeline çolaşdyk" diýdi. "O nähili emel?" "Esasy ýazyjylara wezipe wadasyny berdiler, wezipe ýetmedikleri 'aýlykly ýazyjy' ederis diýdiler..."