Ogrular ýalkasa...
Adam aýtdy:
"Dama-dama köl bolar" diýilse-de, ownuk ogurlykda abraý az, biabraýlyk kän, ýöne il emlägini uludan ursaň, ýurt talasaň, gündogar ýurtlarynda-da, günbatar ýurtlarynda hem sylag-hormatyň uly! Telekeçilik diýmek teleke, ters iş etmekden gelýär, nirä barsaň, täjirler sag bolsun, güler bilen garşy alýarlar, näçe kirli puluň bolsa ýuwup bolýar, uly-uly emläkleri, hatda sport komandalaryny hem satyn alyp bolýar. Şundan çen tutulsa, indi adamlara ýagşylyk isleseň, öňküler ýaly, taňryýalkasyn diýmeli däl, ogryýalkasyn diýmeli. Öz ýurduňda hem ogrular ýalkasa, ýokary wezipelere çykyp bolýar, bolmasa gul, ýa arzan işçi güýji bolup galýarsyň."