Gözboýagçylyk

Adam aýtdy:

"Käte, ýurtlarynda kanun diýen söz birwagt parodiýa öwrülen hem bolsa, öz ýagdaýlaryny düýpden bilmeýän ýaly, käbirleri kanundan söz açýar. Olary diňleseň, kanun belli bir derejede bar ýaly, sylanýan we saklanýan ýaly, geljekde hem gürrüňsiz saklanjak ýaly. Emma Baş kanun diýilýände prezident iki möhletden artyk yzygiderli dalaşgär bolup, saýlanyp bilmez diýilýärdi ýa-da wagtlaýyn prezident saýlawa gatnaşyp bilmez diýen kanun-kada bardy. Il aglak bolsa, depä çykana gerek bolsa, haçan we haýsy kanun üýtgedilmän galar? Kanuna her gün, her sagat köwüş süpürilýän ýurtda haýsy kada ýa düzgün barada agyz dolduryp, ol ýa-da beýleki nukdaý nazardan gürrüň edip bolar? Ýa kanunsyz ýurtdaky kanun hakynda gürleýän adamlar hem, öz ýurtlaryndaky kanun ýaly, diňe il gözüne, göze çöp atmak üçin gürleýärmi?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024