Imperiýa aladalary
Adam aýtdy:
"Tüweleme, Orsýetden daşaryk akdyrylýan sermaýa akymynyň bady peselmeýär. Merkezi bankyň soňky maglumatyna görä, Orsýetden çykarylýan maýa ýylyň dowamynda iki esse diýen ýaly köpeldi. Has anygy, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda bu ýurtdan çykarylan arassa sermaýa 44,4 milliard dollar boldy. Bu, geçen ýylyň on aýy bilen deňeşdirilende, 1,7 esse köp (26,4 milliard dollar) maýanyň çykarylandygny aňladýar. MB oktýabr aýynda şu ýyl daşaryk çykaryljak arassa maýa babatdaky çaklamasyny üýtgedip, ýurtdan çykjak puluň 25 milliard dollar däl-de, 53 milliard dollara çenli köpeldiljegini aýtdy. Bu çaklama maýa akymynyň 2018-nji ýyldaky rekord derejä, 67,5 milliard dollara ýakynlajagyny aňladýar. Şol bir wagtda, BCS Global Markets mart aýynda Orsýetden hepdede 1,4 milliard dollar maýa çykarylyp, rekord goýlandygyny hasaba aldy. Bu gidişine Orsýet içinden ýykylmaly. Ýöne ikinji tarapdan, rus goşunlary ozal giderilen ýerlerine yzyna dolanyp, imperiýany dikeltmek tagallasyny edýär."