Ýurt gaýgysy
Adam aýtdy:
"Goňşy aýal gelip, "Ogluma mugallymy baha goýmandyr. Bir tamdyr çörek bişirip, üstüne hem bir ýüň gyňaç goýup, öýüne eltdim" diýýär. Geň galdym, mugallym üçlüge ýetmeýän okuwça dörtlügem däl, bäşlik goýupdyr. Mugallym tanşym duşdy. "Mekdebiň beýle gutaranyny bilmeýärdim" diýdim. "Bilde goýaý - diýdi. - Baha goýmasaň, ýokaryňdaky direktora barýarlar, bermelisini berýärler, seniň baha goýmadyk ililikçiňe başga mugallym islendik bahany goýýar. Onsoň baha goýmadyk okuwçyň bir gün gelip, student biletini görkezýär: "Ine, mugallym, baha goýmadyk bolýardyň, narhoza girdim, ine-de prezident suratly sagadym, okuwda berdiler" diýýär. Içiň ýanýar. Emma kime aýtjak, bu zatlary gazetde, radio-telewideniýede aýtdyrmaýarlar. Döwlet öz ýalançylygyndan başga ähli zady berk senzura astynda saklaýar. Bilimi hem, ýurdy hem ikilikçiler, olaryň ene-atalary, satlyk bilim işgärleri we olaryň arkasynda durýan hökümet, döwlet ýolbaşçylary birleşip, bilelikde ýykýarlar."