Ejiziň tesellisi

Adam aýtdy:

"Adam adamy hiç bir delilsiz, görünýän we görünmeýän ýagdaýlaryň ählisine atanak çekip, öz isleýän bir aýybynda aýyplaýar. Ýogsa ol muny hiç bir jähtden subut edip bilmejegini-de, bu ýalana ynananyň az, belki-de, diňe özi ýaly ynanasy gelýän betpygyl adamlar boljagyny-da bilýär. Ýöne başga çäre tapmaýan, öz barjak ýerine barmagyna päsgel bolup görünýäni garalamak isleginden gutulyp bilmeýän bende, megerem halys ejizläp, özüni aldamaga hem-de öz ýalanyna ynanmaga mejbur bolýar. Ony hatda öz agramyny, özüne bolan ynamy azaltjagy, köp adamyň öňünde gözden düşjegi hem saklap bilmeýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024