Surat

Bigeleň döwür

Adam aýtdy:

"Häzir 92 ýaşyndaky Býuboýra Kadyralyýewanyň we şol wagt ýaş KGB işgäri bolan Bolat Abdrahmanowyň tagallalary bilen 30 ýyl öň, 1991-nji ýylyň tomsunda Çon-Taşda repressiýanyň pidasy bolan jemgyýetçilik işgärleriniň 137-siniň jaýlanan ýeri tapyldy. Kadyralyýewanyň we Abdrahmanowyň maglumatlaryna esaslanyp, özi hem köp sorag-ideg, gözleg-agtaryş işlerini geçirip, Regina Helimskaýa 1994-nji ýylda "Taýna Çon-Taşa" (Çon-Taşyň syry) atly kitap ýazdy we çap etdirdi. Emma oňa näme iş etdiň ýa etmediň diýen bolmady. Bir aý öň, 1-nji sentýabrda ol ömründe hiç bir sylag alman aradan çykdy, ýazan kitaby bolsa şindi hem gyrgyz diline terjime edilenok" diýip, gyrgyz kärdeşim ýazýar. Atylan-çapylanlaryny ýatlamaýan, halk hakydasyny dikeltjek bolmaýan diňe biz däl, ýeke däl ekenik diýmeseň, biz gaty gynançly döwürde, gaty bigeleň ýaşaýarys."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024