Surat

Täze nakyllar we akyllar

Adam aýtdy:

"Ozallar "Müsürde şa bolandan Kenganda geda bol" bol diýerdiler. Elbetde, Kengan bu ýerde öz ýurduň manysynda gelýär. Indi täze nakyl döräpdir: "Öz ýurduňda hökümete gul bolandan, ýat illerde kül bol" diýýärler. Ýene bir zady köp eşitdim: "Öz diliňi öwrenme, başgalaryň dilini öwren, öz diliňde agzyň bilen altyn gapanyň hem peýdasy ýok; gowy bolanda bir nadany öwüp, döwüm çörek gazanarsyň, başga dil bilseň, hem bilim alyp bolýar, hem çöregiňi minnetsiz gazanyp bolýar" diýýärler. Ýene bir söz eşitdim, muny bir goja ölmezinden öň agtygyna aýdypdyr: "Ilki hökümetiňi tana, soňra özüňi, bularyň birden-birini kemter tanasaň, gaty ýykylarsyň we galyp bilmän ölersiň!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024