Adamyň jogaby

Adam aýtdy:

"Käte pylany saňa sögdi, kemsitjek, masgaralajak boldy, töhmet atdy, näme üçin gaýtawul bermediň-beýleki diýýärler. Adam ýa dört aýakly janawer, belki-de açdyr, belki borjy hasaplaýandyr, eýesiniň ýa hojaýynynyň, başga birleriniň öňünde iş eden bolup görünjekdir; ol saňa hüjüm etse, derýanyň aňry tarapynda durup, ejeňe ýa kakaňa sögse, it ýaly hyňransa, üýrse, topulsa, çekilersiň, golaýda agaç görseň, üstüne dyrmaşarsyň, haýat görseň, üstünden aşyp, suwly ýap görseň, üstünden böküp ýa içine böküp gaçarsyň, oňa öwrülip, özi bilen deň bolup hyrňranmarsyň, üýrmersiň, topulmarsyň, sebäbi deňsiz bilen deň bolmajak bolarsyň..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024