Bir dogry söz
Adam aýtdy:
"Gykylyk kän, adalatsyzlyk, birtaraply gürrüň edýärler. O bendä diýilmedik söz galmady. Emma ol gelende, bir dogry söz aýtdy, o täze tapan doganlarymyzyň adyny tutup, olar siziň gözüňiziň ýagyny iýer diýdi. Gaty dogry aýtdy. Gözümiziň ýagyny iýen täze doganlarymyz boldy. Dogry, olardan öwrenip, soň özümiziňkiler hem gözümiziň ýagyny iýdi. Şol dogry sözi aýdan hem gözümiziň ýagyny iýdi we iýýär. Emma indi az galdy, gözümiziň ýagy gutaryp barýar, birazajyk çydalyň, onsoň ne gözümiz, ne-de ýagy, ne-de ýurdumyz galar."