Milli howpsuzlygyň goralyşy

Adam aýtdy:

"Azerbaýjanyň ozalky milli howpsuzlyk ministriniň çagalarynyň Londondaky emläkleriniň, şol sanda $21 million we umumy bahalary $111 milliondan geçýän jaýlarynyň üsti açylypdyr. Ozal demokratik, azat metbugatly we azat saýlawly ýurtlarda kanun dogrudanam hökmürowandyr öýderdim. Indi bilýän, pully barsaň, kanun dünýäniň köp ýerinde köwşüňi süpürýän eken. Ozal öz ýagdaýymyzdan gaty utanardym, milli howpsuzlyk ministriniň, baş prokuroryň, IIM-niň başlygynyň atan töhmetlerine ýüregim agyrardy, emma indi biraz arkaýynlaşdym: ilden üýtgeşik däl ekenik, bolup bilsek, dünýäniň bir bölejigi ekenik. Milli howpsuzlyk we kanunlar Bakuwda-da, Londonda hem pulsuzlar üçin birhili, pullular üçin başgaça işleýän eken."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024