Ýoldaky gara diwar

Adam aýtdy:

"Atam pahyr hemişe "Öý işiňi etdiňmi, oglum?" diýip sorardy. Soňam öý işimi wagtynda etmesem, soň ýatdan çykarjagymy, ertir sapakda gowy baha almajagymy, edilmedik öý işleriň toplanyp, uly kellagara öwrüljegini ýatladardy. Ol "ýalňyş üstünde işlemek" diýen jümläni hem gowy görerdi. Diňe öz ýalňyşlaryňdan däl, başgalaryň ýalňyşlaryndan hem öwren, ýalňyşlar seniň aýakýalaňaç barýan ýoluňda büdrän daşlaryňdyr, olary ýoldan aýyrjak bol, her kim öz büdrän daşyny ýoldan aýyrsa, gör, nähili gowulyk bolardy diýerdi. "Adamy sapak edinmedik ýalňyşlary, olary gaýtalamak ýykar, başga zat ýykmaz! Şol bir ýalňyşlary gaýtalamak şol bir diwara kelläňi urup durmak ýaly bir zatdyr, oglum!" Atamyň bu sözlerini indi, bütin milletiň öňünde keseren beýik gara diwaryň öňünde galamsoň, has kän ýatlaryn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024