Utanjyň ähmiýeti
Adam aýtdy:
"Arada Karl Marksdan alnan bir sitatanyň üstünden geldim. Ol: "...Utanjyň özi hem eýýäm özboluşly bir öwrülişikdir. ...Eger-de bütin halk hakykatdanam utansa, ol bökmäge taýýarlanyp düýrügýän arslan ýaly bolardy" diýipdir. Sowet döwründe marksizmden ekzamen tabşyran-da bolsam, hiç zat ýadymda galmandyr. Emma onuň bu sözleri okan badyma maňzyma batdy we aňsat-aňsat ýadymdan çykmasa gerek."