Rus elitasy we syýasatçynyň 'açyşy'
Adam aýtdy:
"Post-sowet ýurtlarynda hem käte, elita mümkinçilik döretse, döwlet mediasynda hakykatyň bir bölejigini aýdyp bilýän syýsatçy tapylýar. Ýöne olaryň hakykaty deňizde damja bolup, şor suwuň içinde ýitip gidýär. Arada bir syýasatçynyň aýdan sözüniň üstünden geldim. Ol Orsýetde esasy problema anti-milli elita diýýär. Onuň pikiriçe, ne Ysraýylda, ne ABŞ-da, ne-de Ýewropada beýle zada ýol berilýär. Orsýetde elitanyň anti-milli hereketleri göze dürtülip dur, olar ýurduň ösüşi bilen gyzyklanmakdan geçen, hatda özlerini bu ýurt bilen baglanyşdyrmak hem islemeýär, ol adamlaryň maşgalalary köplenç daşary ýurtlarda ýaşaýar, pullary, emlägi hem şol ýerde diýip, syýasatçy aýdýar. Aýdaly, Ysraýylyň elitasy öz maşgalasyny Eýranda ýaşadyp, pullaryny hem şol ýerde saklap bilermidi?.. Ýa-da ABŞ-a göz aýlalyň: ol ýerde maşgalalaryny, pullaryny Orsýetde saklaýan uly derejeli resmiler bolup bilermi?.. Beýle ýagdaýda olar diňe işden çekilmek bilen gutulmazlar, jenaýat jogapkärçiligine çekilerler, içalyçylykda aýyplanarlar diýip, ol aýdýar. ...Diňe Londonda rus emeldarlarynyň iki müňe golaýynyň maşgalasy ýaşaýar, ol ýerde her bäşinji howluly jaý rus raýatyna degişli, özem köplenç ol emläkleriň nähili pula satyn alnandygy düşnüksiz, emma muňa göz ýumulýar; elbetde, problema elitada, ony çalşyrmazdan Orsýetiň idili geljegi bolmaz diýip, rus elitiniň telekenalynda çykyş etdirilýän syýasatçy özüçe 'açyş 'edýär."