Surat

Dymyşlygyň sesi

Adam aýtdy:

"Gulagymdan gidenok. 1990-njy ýyllaryň başynda işleýän mekdebimde, aýlygymyz wagtynda berilmänsoň, üýşüp direktoryň kabinetine bardyk, 'sen direktor, bize aýlyk gerek, çagalarymyz aç, işden soň öýe dolanyp barmaga utanýarys' diýdik. Bu biziň direktora birinji gezek ýüz tutuşymyz däldi. Aýlyklar gijigensoň, bu ýagdaý tas her aýda gaýtalanýardy. Soň eşitdik, şol wagt ýokardaky ýolbaşçylar bank ýolbaşçylary bilen gürleşip, aýlyk berilmeli pullary öz adamlaryna karz berdirip, olara daşardan haryt getirdip, soň ol harytlary lomaý bazarda satyp, aýlyk berilmeli pullaryň we işleýän sada adamlary aýlygyna garaşdyrmagyň hasabyna pul ýasamagy öwrenen eken. Elbetde, adamlar adalatsyzlyga öwrenişendi. Haksyzlyk, ýönekeý adamlaryň kemsidilmegi sowet ýyllarynda durmuş kadasyna öwrülipdi. Ýolbaşçy goýulýanlar köplenç partiýa, hökümete bolýan adamlardy, halka bolýan adamlar däldi. Biziň direktorymyz hem şol hili ýolbaşçylaryň biridi. Başga gürrüňini etmänimizde hem, içip, ýüzüni gök-dalak eder ýörerdi. Hatda bir gezek ýokary klas okuwçylarymyz ony lýukdan hem çykarypdyrlar. Beýle adamlaryň, başlyk bolsalar-da, kollektiwdäki abraýy uly bolmaýar. Emma başlyk bolup bilseň, ýallaklaýan hökman tapylýar. Herhal, o wagt adamlar ýene ýagşy ekeni. Bir gezek ýygnakda kärdeşlerimiň birnäçesi ekzamende gowy okaýan gyza dörtlük goýup, direktoryň ýalta ogluna bäşlik goýan mugallymyň ýüzüne geldi: 'Utanmadyň-nätdiň? Direktoryň ogly bolsa, hökman bäşlik goýmalymy? Okaýan çagaň bahasyny bir gysganmasaň bolmadymy? Ol çaga bütin ömrüne mekdep, mugallymlar hakynda näme pikir etmeli indi? Özüň hiç, sen bizi, mekdebi masgara edýärsiň" diýdiler. Gijigen aýlygy soramaly bolanda hem, köplenç işine berlen mugallymlar öňe düşerdi. Beýlekiler, aýlyk gerek bolansoň, olaryň yzynda durmaga mejbur bolardylar, emma mekdebiň gapdalyndaky köçä, prezidentiň işe gatnaýan ýoluna çykyp, aýlyklarymyzy talap etmeli diýen teklibe hiç wagt goldaw bermezdiler. Onsoň diňe mekdep direktoryna basyş görkezmek galýardy. Hawa, başky gürrüňe dolanyp gelsem, direktoryň kabinetine üýşüp bardyk. Sapaklar gutarypdy, her kim öýüne gaýtjakdy. Ýöne direktoryň beýle hyýaly ýok bolarly, belki-de eýýäm keýpini kökländir, ýüzjagazy gyzaryp durdy. Biz onuň işden soň kabinetinde oturyp içýänini, öýüne diňe garaňky gatlyşandan soň gaýdýanyny, köçede ýykylyp-sürşüp, käte okuwçylara iş bolýanyny hem bilýärdik. Ol mugallymlaryň ýene üýşüp gelenini halamady. Onsoň ýene şol bir gürrüň gaýtalandy. Mugallymlar ýerli-ýerden ýagdaýlaryny aýtdylar, 'sen biziň ýolbaşçymyz, sen aýlyklaryň wagtynda berilmegine jogapkär' diýdiler. Direktor hem özüni aklady. Aýlyklary soraýandygyny, emma häzir hiç edarada hem aýlyklaryň wagtynda berilmeýändigini, bu ýerde ýolbaşçynyň edip biljek zadynyň ýokdugyny aýtdy. Emma hiç kimi başga edaralardaky işgärleriň aýlyklary gyzyklandyrmaýardy, adamlar diňe öz aýlyklaryny almak, çagalaryny wagtly-wagtynda naharlamak isleýärdiler. Direktoryň muňa gahary geldi we etmeýän zadyny edip, birden stoluny ýumruklap, mugallymlaryň üstüne gygyrmaga başlady. 'Men aýtdym-a, bankda pul bolmasa, men näme edeýin? Ýa men siz üçin türmä gitmelimi? Günde gelip bizar etdiňiz, baryň, gaýdyň öýüňize, aýlyk bolsa özüm aýdaryn!..' Kabinetiň içine susluk aralaşdy. Şunuň bilen gürrüň gutarmalydy, söweşde ýeňlen goşun ýaly, biz hiç bir netije gazanman çykyp gaýtmalydyk we öýe ýene bir ýa iki hepde aýlyksyz dolanmaga kaýyl bolmalydyk. Emma netije boldy, bir kärdeşimiz, öňki syýasy tussagyň aýaly ýerinden turdy-da: 'Gorkma, türmä düşseň, biz yzyňda durarys, juda bolmanda aýalyňa yzyňdan çörek geçirmäge kömek ederis, men KGB-niň peredaçi geçirilýän ýerine belet, aladaňdan baryp, aýalyň bilen bile nobata duraryn, ol men ýaly ýeke bolmaz, sen türmede aç ölmersiň' diýdi. Direktoryň ýüzi boz-ýaz boldy, ýap-ýaňy hem ala-galmagal kabinetiň içini dym-dyrslyk gaplap aldy. Bu dymyşlygyň sesi şindi hem wagtal-wagtal gulagyma gelýän ýaly."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024