Götermek meselesi

Adam aýtdy:

"Sowet döwründe diňe partiýanyň däl, partiýanyň düşegine giren ýazyjylaryň hem kulty bardy. Ýaş ýazyjylar, ýol aljak bolup, kultly ýazyjylara ýaranjaňlyk ederdiler. Olaryň öýlerine baryp, kömür çekýän, pollaryny ýuwýan, bazardan gerek zatlaryny getirip berýän ýazyjylar hem bardy. Biziň döwrümizde şol kultly ýazyjylaryň başynda Kerim Gurbannepesow, Berdinanazar Hudaýnazarow durardy. Bir gün deň-duşlar, pikirdeş ýazyjylar bolup, öz deň-duşlarymyzdan ýokarda ady agzalan iki ýazyjynyň ody bilen girip, küli bilen çykýan iki ýazyjyny "pällerinden gaýtmaga" çagyrdyk. "Siz t...ny göterseňiz, olar bizdenem şoňa garaşýar, emma biz özümiziňkini zordan göterýäris, olaryňkyny göterip biljek däl, bes ediň t...k götermegiňizi" diýdik. Ol iki t-kçy ýazyjy öýkeläp gitdi. Emma olaryň biri ertesi gelip, "siz dogry aýtdyňyz' men indiden eýläk hiç kimiň t...ny götermerin" diýip söz berdi. Emma ol şol öňküligine galdy. Beýleki ýazyjy welin düzelmek wadasyny bermekden geçen, iki-üç aýlap biz bilen salamlaşmady."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024