Şükür etmeli!

Adam aýtdy:

"Žurnalist boljak bolup, ömrümi gowga berdim. Mydama öň hatarda ýalydym, haçan näme bolsa bolup biljekdi. Emma hiç wagt aýlygymyň köpeldilmegini soramadym. Ony berseler razydym, berilmese-de edip biljek zadymyň bolmajagyny bilýärdim. Işden kowsalaram etjek zadym ýokdy. Üstesine, döwlet başyndan şarlatanlardan başga, indi döwlet başyna geçjek bolýan şarlatanlaram, başarsa birleşip, çyrşap bilen ýerine çyrşajak, at-abraýdan gaçyrjak, namysyňa tokunjak we il masgarasy edip depelejek. Bu žurnalist bolsaň, hökman bolmaly zat ýalydy. Emma koronowirus pandemiýasy öz işime, göreşime gaýtadan seretmäge mejbur etdi. Olar öň hatarda, öz janlaryny töwekgellige salyp, biziň ömrümiz üçin göreşýärler diýip, saglyk işgärleriniň aýlyklaryny köpeldýärler. Gowy zat! Ýöne biziňem, hak söz ugrunda göreşýän we öň hatarlarda ölýän, türmä düşýän, diňe özi däl, ene-atasy, dogan-garyndaşlary hem döwlet terrory astynda ýaşamaga mejbur edilýän žurnalistleriň-de aýlyklaryny köpeltseler bolardy. Ýöne beý diýdigim eý diýdigim däl, prezidentler saglyk işgärleriniň köçe süpürdilmeli, pagta ýygmaga iberilmeli adamlar däldigine indiden soň düşünselerem şükür etmeli!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024