Özüň näme diýjek?
Adam aýtdy:
"Ozal dost, pikirdeş bolan adamlaryň bir-birine duşman bolşuna haýran galýaryn. Olar ilki bile okaýarlar, tagamda tabakdaş, ýolda ýoldaş bolýarlar, maşgala bolup gatnaşyp, bir-biriniň duzuny iýýärler. Hatda ýaňy doglan çagalaryny hem bir-birine niýetläp, azyndan 18-20 ýyl soň tutuljak toýlaryň maslahat-geňeşini edýärler, iň esasysy bile durup, şere, haramlyga garşy göreşýärler. Birdenem, belki, birdenem däldir, düýnki äbede-jüýbe bolup ýören adamlar bir-birini ýek görýän ganym duşmanlara öwrülýärler. Olaryň bir-biri hakynda edýän gürrüňlerini eşitseň, gulaklaryňy goparyp zyňasyň gelýär. Soňabaka tanyş-bilişleri olardan, şol bir gep-gürrüňleri eşitmejek bolup, gaçmaga başlaýarlar. Ine birdenem, duşman bolan dostlaryň biri tarpa-taýyn aradan çykýar. Onsoň beýlekisi, aralarynda hiç zat bolmadyk ýaly, ylgap köne dostunyň ýasyna barýar, merhum hakynda gowy-gowy gürrüň edýär, hatda makala-beýleki ýazyp, radio-telewideniýede çykyş edip, halk öňünde onuň nähili gowy adam bolandygyny ynandyrmaga çalyşýar. Adamlar aňk-taňk bolýarlar, ýöne hiç zat diýmeýärler. Dogrudanam, bu hili ýagdaýda özüň bolsaňam näme diýjegiňi bilmersiň."