Akyl-huşa gelmedik perişde
Adam aýtdy:
"Obada doguldym. Doguljak ýeriňi, maşgalaňy saýlap alyp bolmaýar. Ýogsa, belki, bolmanda çagalygymy gowaça meýdanynda ogurlatmazlyk üçinem şäherde doglardym, gowurak okardym. Emma on-on bir ýaşymdan gowaça ýekelemäge, gowaça otamaga, çürtmäge, suwarmaga, traktorda külte çekmäge, pagta ýygmaga gatnap, mekdebi gutarýançam gul zähmetini çekmäge mejbur boldum. Ejem pahyr irden oýarardy: tur indi, ýuwun, bir käse çaý iç, basym maşyn geler diýerdi. Ýük maşynynyň nowasynda çommalyp ýa ýer bolsa, aýbogdaşymyzy gurup, çarkandak ýoldan her gün işe gatnardyk. Günortanlygymyz hem elimizdedi: çörek, süzme, gowurdajyk, ýumurtga, iki sany pomidor... güne çyksam, şinden şol ýyllarda ýakan gün ýüzümi-gözümi çürüşdirýän ýaly bolýar. Rezin ädikli, pes ýerlerden bajaw çekip, beýik ýerlerde gögeren gowaçalara suw çykarjak bolşum şindi hem düýşüme girýär. Käte bolsa, ýelejiräp, traktorly külte çekýärin. Traktoryň üsti suw tutanyňdan gowurakdy, emma ol hemişe ýetdirmezdi. Ýekeleme-de, otag-da, pagta ýygymy-da agyr işdi, olar köplenç çagalaryň we aýallaryň boýnuna atylardy. Ilki partygy doldurmak agyr zähmet bolsa, soň olary egniňe alyp, haltaňa daşamak, ganar doldurmak güzapdy. Egnimde şol partyklaryň bagynyň goýan yzy henizem agyrýan ýaly. Emma biz, oba çaglary tomusda pioner lagerlerinde, salkyn kölegede dynç alýan şäherli çagalara görümiz gitse-de, gazanýan puljagzymyza, ene-atamyza edip bilýän kömegimize begenýärdik. Ýöne şol wagt biziň ýygýan pagtalarymyzyň pagta harmanynda işleýän emeldarlaryň jübüsini doldurýanyna welin gynanardyk. Brigadirimiz gowy adamdy, ol şäherdäki pagta zawodynda tabşyrylýan pagtanyň agramyndan çyglylygy, hapalygy üçin eslije agramyň kemter ýazylýandygyny, soň artyk çykan pagtagynyň plan dolmadyk kolhozlara satylýandygyny gürrüň bererdi. Men ol wagt soň salkyn şäherde ulalan we özümiz ýaly pagta ýygan, iki egninde hem agyr partyklaryň yzy galan çagalaryň agyr zähmetiniň arkasyndan pul ýasan bir gedemiň öňümden çykjagyny-da, özüni perişde edip görkezjegini hem akyl-huşuma getirip biljek däldim."