Döwlet maşyny

Adam aýtdy:

"Arada bir hindi aktýorynyň gürrüňini diňledim. Ol on dört ýaşynda kakam ýogaldy, ejem bilen onuň jesedini maşyna ýükläp, keselhanadan öýe alyp gaýtdyk. Ýolda ejem: "Oglum, sen maşyn sürmegi haçan öwrendiň?" diýip sorady, men: "Şumat öwrenýärin, eje" diýdim diýýär. Durmuş, dogrudanam, maşyn sürmegi-de, köçe düzgünlerini hem, köçede özlerini dälirän ýaly alyp barýan motorlylardan, gyssanmaç taksiçilerden, öwrenjelerden, äpet ýük maşynlaryndan, ýoldaky çukurlardan seresap bolmagy hem öwredýär. Emma öwrenip bolmaýan başga bir zat bar: däli döwlet maşynyndan, açgözleriň jübüsine düşüp, döwlet mazmunyny ýitiren närseden nädip goranmalydygyny öwrenip bolanok. Onuň häsiýetini, gylygyny bilmek-de, haçan we haýsy tarapdan geljegi-de, çagalaryň, garyndaşlaryň, pikirdeşleriň bilen bile ýa-da ýekelikde, ýalňyz özüňi mynjyratjygy hem belli däl. Şonuň üçin-de ondan köp adam, hatda içindäkiler hem gorkýar. Ýöne ol maşyna münüp, onuň roluna geçip, hezil etmek isleýän welin azalmaýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024