Adamyň armany

Adam aýtdy:

"El-aýagyňy gan-gabarçak edip, garaňky we çyg, töri ýylan-içýandan doly çukurdan ýokaryk dyrmaşýarkaň, gowagyň agzyndaky daşlary aýyrýarkaň, esasan özüň, çagalaryň hakynda pikir edýärsiň, yzdan gelýänler, tutjak bolup kowalaýan bolmasa, kän gaýgy-aladaň bolmaýar. Gowakdan çykyp, arkaňa şemal çalanda, eliňdäki, aýagyňdaky gan öýer ýerler, döwlen dyrnaklaryň, hatda döwlüp gyşyk biten goluň ýa aýagyň hem kän gözüňe ilmeýär. Emma soň, aýran daşlaryňdan, salan ýol-ýodaňdan peýdalanyp, gowakdan çykanlaryň käbiri, köpi gören ýaşuly adamlary açan ýoluň, görkezen göreldäň üçin sagbol, taňryýalkasyn aýtsa, başyň gök direýär. Ýöne gowakdan göni ýa biraz öwrüm bilen, kän kösenmän çykyp, seniň ownukly-irili daşlardan arassalan güneşli gaýaňa gelen we daşlary çapyp, aşakdan gum daşap eken baglaryň şahasynda ornaşan agzysary guşjagaz üstüňi hapalasa, birazdan höwürtge gurnup, ýumurtgadan çykan jüýjelerini seniň ýalylaryň azabyndan boý alan daragtlaryň ir-iýmişlerinden naharlap, aşagy garalyp duran döwük-ýenjik dyrnaklaryňa, döwlüp, egri biten goluňa gülse, gaharyň gelýär. Ýogsa, näme eden bolsam, özüm üçin etdim, kime peýda boldy, kime zyýan, işim ýok, indi gaýdyp ýyly söze eselmäýin, sowuk söze peselmeýäin hem diýýärsiň. Arman, muny edip bolmaýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024