Sylagsyz kär
Adam aýtdy:
"Ozallar, biz okan döwrümizde professorlar sylagly adamlardy. Ýogsa, geçmişi ideallaşdyrjak bolamok, o döwürde-de galplyk az däldi. Emma sapagymyzy bilmesek, professorlar 'sen bir okajak oglanyň ýa gyzyň ornuny tutup otyrsyň, okamajak bolsaň, okuwa girmeli däl ekeniň' diýse, gaty utanardyk. Indi özümiz professor, has dogrusy, professor adymyz bar, emma professor hökmünde ne özümize, bile işleýän kärdeşlerimize sylagymyz galdy. Sebäbi erk-ygtyýarymyz ýok, adyny ýazyp bilmeýän studentlere hem 'goý' diýlen bahany goýýarys. Diňe özümiziň däl, beýleki okuw jaýlaryndaky, hatda orta mekdeplerdäki kärdeşlerimiziň hem şeýle edýänini bilýäris. Muny studentler hem bilýärler, ene-atalar hem. Onsoň, professor halymyza, ne bir-birege, ne studentlere bir zat diýip bilýäris. Sebäbi ýüzümiz ýok. Bu hili ýagdaýda ne özüňe, ne kärdeşleriňe, ne okadýan studentleriňe, ne işleýän uniwersitetiňe, ne-de okuwy beýle ýagdaýa salan döwlete sylagyň galýar. Hiç wagt beýle pes derejä düşeris öýtmändim, indi bu ýagdaýyň haçandyr bir wagt üýtgejegini göz öňüme getirip bilmeýärin."