Duz porsasa nätmeli?

Adam aýtdy:

"Dogrusyny aýtmaly, özüni aktiwist atlandyrýan adamlaryň käbiri daşary ýurda çykmak, syýasy gaçybatalga almak üçin käbir işleri edýär. Ýöne olaryň arasynda soň, il ýüzüne bir zatlar edýänden bolup, hakykatda başgalaryň guran kadaly durmuşynyň hözirini görmekden başga kän iş etmeýänler hem az bolmaýar. Elbetde, bu azgyn diktatorlar üçin gowy sowgat bolýar. Bu ýagdaý maňa student ýyllarymda pars dili mugallymymdan eşiden igenjimi ýatladýar. Uniwersitetde daşary ýurt dili hökmünde pars dilini öwrendim. Gowy okaýardym, synaglarda hemme baham bäşlikdi. Ýöne bir gün, "mugallym menden sorap durasy ýok-laý, bilýänimi bilýär-ä" diýip, öý işimi etmän bardym. Emma toparymyzda hiç kim öý işini etmändir, ahyry gezek maňa ýetdi. Menem soraga jogap berip bilmedim. Mämmedaman Yslamy özüne mahsus ýuwaşja gürläp: "Parslarda bir nakyl bar, 'eti porsatman saklamak üçin duz sepýärler, duz porsasa nätmeli?" diýdi. Şondan soň okuwa pars dilinden öý işimi etmän barmadym. Ondan bäri kyrk ýyl geçdi. Emma öz etmeli işimi etmesem, ýa-da başga biri etmeli işini etmese, hökman Mämmedaman Yslamy ýadyma düşýär, onuň aýdan pars nakyly gulagymda ýaňlanyp giden ýaly bolýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024