Hökümdarlaryň gorkmazlygynyň sebäbi
Adam aýtdy:
"Gadymy Rimde senat adamy forumyň, ýagny bir ýere ýygnanan adamlaryň, halkyň öňünde sud edipdir. Sud edilýän sudýalaryň, senatorlaryň öňünde durup, berilýän soraglara jogap beripdir. Onuň arkasyndaky adamlar, forumy dolduran mähelle sudýalar bilen sud edilýäniň arasynda bolup geçýän gürrüňi diňläp, bolýan zatlara şaýat bolupdyr. Eger-de aýyplanýan senatyň özüne nädogry çemeleşýändigine we adalatsyz höküm çykarjagyna göz ýetirse, onuň prowokasiýa hukugy, ýagny halka göni ýüzlenmek hukugy bolupdyr. Ol arkasyna, halka tarap öwrülip: "Rim halky, senat maňa adalatsyzlyk edýär!.." diýip gygyrypdyr. Onsoň adamlar gygyryp, ala-galmagal turzup, öz pikirini aýdypdyr we senatdan güýçli bolup çykypdyr. Şondan soň hökümdarlar "prowokatorlardan", halka göni ýüzlenýän we sud edýänleriň, häkimiýet wekilleriniň adalatsyzlygyny göni, açyk aýdyp bilýän adamlardan gorkup başlapdyrlar. Emma indi olar halka göni ýüzlenýän adamlardan gorkmaýarlar, sebäbi gadymy Rimdäki ýaly, suduň foruma ýygnanan halkyň öňünde geçmeýändigini, adalatsyzlyga gahar edip gygyrýan we sudýalardan güýçli bolup çykýan halkyň ýokdugyny, halk, millet diýilýäniň bireýýäm kiçijik, öz şu günki çäklije maşgala bähbidinden aňryk seredip bilmeýän adamlara öwrülendigini gowy bilýärler."