Düşnükli-düşnüksiz ýagdaý

Adam aýtdy:

"Nebit-gaza, beýleki ýerasty we ýerüsti baýlyklara baý gazak doganlarymyz öz aýlyklaryny baltika ýurtlarynyň ilatynyň aýlyklary bilen deňeşdirýärler. Mysal üçin, Litwada ýyl başyndan iň pes aýlyk resmi ýagdaýda 607 ýewro (255 müň teňňe!) diýlip kesgitlendi, 2020-nji ýylda bir sagat iş üçin tölenýän hak resmi ýagdaýda 3,72 ýewro (1562 teňňe) boldy. Estoniýada iň pes aýlyk 584 ýewro (245 müň teňňe). Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Gazagystanda iň pes aýlyk 42.5 müň teňňe... Deňeşdiriň: Gazagystan - 42.5 müň teňňe, Litwa - 255 müň teňňe; Estoniýa - 245 müň teňňe... Aýlyklar bizde hem köpelýär. Prezidentiň iýul aýynda gol çeken kararyna laýyklykda, 1-nji ýanwardan aýlyklar, pensiýalar, kömek pullary 10% köpeldildi we netijede, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzdaky iň pes pensiýa 338 manat, döwlet kömek pullarynyň iň pes möçberi 322 manat, iň pes aýlyk haky 870 manat möçberinde kesgitlenildi. Emma bizde, gazak doganlarymyzdan tapawutlylykda, öz aýlyklarymyz bilen baltika ýurtlarynyň, ýa bolmanda duldegşir goňşularymyzy aýlyklaryny deňeşdirjek we aradaky uly-kiçi aratapawudyň sebäplerini düşündirmäge çalyşjak adam ýok. Belki, düşündireniňe-de degýän däldir, düşünesi gelýän bolmasa, wagt ýitirip nätjek?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024