Il içindäki abraý

Adam aýtdy:

"Goňşymyň on barmagyndan dür dökülýän gyzy bardy, görgülini on sekiz ýaşan badyna bir garyndaşlarynyň ogluna berdiler. Işlänok, el işini edip gazananja pullarymy içgä berýär, puly ýok halyna dostlaryny çagyryp, meýlis gurýar, öýde et bolsa, ýag ýok, ýag bolsa tüwi, gerek zatlarymy goňşulardan sorap, palaw bişirmeli bolýaryn, beýtme diýsem urýar diýipdir görgüli. Çagajygy bolansoň, üç-dört gezek aglap gelipdir: şujagazymy ýetim galdyrmajak bolsaňyz, meni yzyma ibermäň diýip ýalbarypdyr. Emma "bizi ile masgara etme, biziňkilerde aýrylyşan ýok entek, garyndaş arasynda beýle zat edilmez" diýip, hem ýalbaryp, hem haýbat atyp, her gezek höre-köşe bilen yzyna iberipdirler. Bu zatlary soň eşidýäris. Ahyry urup öldüripdir äri. Emma ejesiniň müýni ýok, "ojagyny saklap öldi, bizi biabraý etmedi, il içinde 'gyzlary aýrylyşan' diýen ada goýmady" diýýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024