Aýyp

"Saparmyradyň tirýek, geroin kommunizmini döreden ýyllarynda bir tanşym Büzmeýindäki türmede jezasyny çekýän agasyna, içinde hudaýýoly bermek üçin, her iki aýdan janly tokly geçirişini gürrüň berip öwündi. Elbetde, ol munuň üçin türme başlygyna para beripdir. Men aýdan janlyňy türmäniň daşynda berseň, hudaý kabul etmez öýdýärmiň, ýa türmäniň daşyndaky açlaryň doga-dilegi içindäki açlaryň dileginden kem bolar öýtdüňmi diýip soradym. Ol ajy ýylgyrdy-da, janly maly içine neşe salyp geçirmek üçin ulanýandygyny aýtdy. Men geňirgenip, içinde neşe tapmasa, biraz horlanyp, soň ýaramaz endigini goýardy-da, beýtmeseň bolmadymy diýdim. Ol başyny ýaýkady: "Agam içinde neşe tapman gaty kösenýär, türme sakçylaryndan satyn alaýyn diýse, daşyndakydan iki-üç esse gymmat, öýüni tozduryp barýar... Agyr günde goldamasaň, aýyp bolar, soň il näme diýer?" diýdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024