Öz etmeli işiň

Adam aýtdy:

"Mollanyň edenini etme, aýdanyny et diýýärler. Mollanyň edeninem etme, aýdanynam. Öz kalbyňdan, öz ýüregiňden gelenini et. Sebäbi mollanyň aýdýan zadyny nähili niýet bilen aýdanyny näbiljek? Bar, gowy niýet bilen aýdypdyr diýeli, ýöne onuň gowy niýeti nämä esaslanýar? Öz derejesine, dünýäni we durmuşy görüp bilşine dälmi? Onsoň, asyrlarboýy edenini etmesiz adam hökmünde tanalan, etmesiz zatlary edýän adam hökmünde ykrar edilen mollanyň düşünjesine, bilimine ýa ynanjyna nädip bil baglajak? Bar, molla bir ertekä ynanyp ýören, sada adamlaryň ýüregine we jübüsine girmekden bähbit agtarýan ownuk ogry diýeli. Sen men diýen professoryň hem, sahna çykyp ýa ekrandan "akyl satýan" başga bir adamyň hem diýenini etjek bolup, heläk bolma, diýilýän zatlary öz tereziňde çek, özüň bolup pikirlen, özüň bolup netije çykar, özüň bolup ýaşa. Sebäbi ne molla, ne başga biri saňa seniň deregiňe ýaşap bermez, seniň deregiňe ýaralanmaz, seniň deregiňe gutulmaz, seniň deregiňe ölmez. Bu işi seniň özüň etmeli, başgalardan garaşsaň işiň pyrryk."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024