Ynam meselesi
Adam aýtdy:
"Adamlar bir-birine ynanmaly diýýärler. Gowy pikir, sebäbi ynanmasaň, adamlar bilen gowy gatnaşykda bolup bolmaýar, gatnaşasyň gelmeýär. Ýöne adamlara ynanybam bolar, ynanmanam. Sebäbi bir adam bar, öz ýurdundan, rahat durmuşyndan gidip, garyp ýurtda garyp adamlara kömek etjek bolup, onlarça ýyl işleýär we ahyrynda şol garyp ýurtdaky syýasy garyplygyň, urşuň pidasy bolýar. Beýleki bir adam bar, öz ýurdunda onlarça ýyllap wezipe basgançagyndan ýokaryk dyrmaşyp, öz ilini, ildeşlerini talaýar, olaryň çagalaryny we dogmadyk nesillerini bergä batyrýar."