It alnyna gelen

Adam aýtdy:

"Arada bir rus saýtynda NKWD-niň Harkow oblasty boýunça komendanty bolup işlän döwlet howpsuzlygy leýtenanty Artýom Petrowiç Zelýonynyň iş hepdesi boýunça düzen aktynyň üstünden geldim: 1938-nji ýylyň 21-nji maýy, altynjy gün – atuw akty (80 adam); 1938-nji ýylyň 22-nji maýy, dynç güni – atuw akty (1 adam); 1938-nji ýylyň 23-nji maýy, birinji gün 2 atuw akty (106 adam); 1938-nji ýylyň 24-nji maýy, ikinji gün – akt ýok; 1938-nji ýylyň 25-nji maýy, üçünji gün – atuw akty (144 adam); 1938-nji ýylyň 26-njy maýy, dördünji gün – atuw akty (2adam); 1938-nji ýylyň 27-nji maýy, bäşinji gün – akt ýok; 1938-nji ýylyň 28-nji maýy, altynjy gün – iki atuw akty (43 adam). Jemi (1938-nji ýylyň 21-28-nji maýynda): 376 adam." Kommunist tarapdarlary bu adamhorlygy sowet döwletini halas etmek, ýykylmakdan saklamak zerurlygy bilen aklajak bolýarlar. Ýöne ol aslynda sowet döwletiniň içden ýigrenilmeginiň we ahyrynda uruş-gykylyksyz, öz göwresini göterip bilmän ýykylmagynyň esaslaryny goýan ýaly. Kommunistler adamlary ýüzläp-müňläp atanda, it gömen ýaly çukura taşlanda tas hiç kimiň gelip, olaryň arkasyny tutup bilmeýşi ýaly, taryh sowet döwletini çukura oklanda hem hiç kim ýerinden turmady. "It alnyna gelen gurt alnyna-da geler" diýleni. Edeninden gutuljak ýok bolarly."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024