Syýasy söýgi
Adam aýtdy:
"Ýaşulularymyz gürrüň bererdiler, sowet ýyllarynda hem ýolbaşçylar halky gaty gowy görüpdirler, sylapdyrlar, o döwürde-de başda, bu söýgi-sylaga çydaman, daşary ýurda gaçanlar bolupdyr. Emma garaşsyzlyk ýyllaryndaky ýolbaşçy söýgüsi has artyk boldy: "mähriban halkym, eziz adamlar!" diýip, aşa gaty söýdüler. Bu söýgä ýüregi tap getirmän, ýurtdan gaçýan adamlar sowetleriň irki ýyllary bilen deňeşdirilende has köpeldi. Ata-babalarymyz "ot belasyndan, suw belasyndan gora" diýipdirler, o mahallar syýasy söýgi belasy beýle güýçli bolan däldir-dä."