Arça miweleri
Adam aýtdy:
"O gün bir märekede goňşy aýalyň gürrüňini etdiler: "Orta ýaşan aýal, üç çagasy bar, adamsy düşekde ýatan hassa, öýüni taşlap, Türkiýä işlemäge gidipdir." Onuň duldegşir goňşusy gürrüňe goşuldy: "O görgülä igenmäň, uly ogly neşekeş, uly bergi edipdir, şony üzjek bolýar, adamsyna derman puly gerek, kiçi ogluny ýany bilen alyp gidipdir, şo ýerde türkçe öwredip, okuwa taýýarlajak bolýar." Adamlar dymdylar. Ýene biri gürrüňe goşuldy: "Türkler gelip, prezidentimize bazar gatnaşyklaryna geçmegi öwredende, ol ilki magaryfy, saglygy saklaýşy ýumrup, neşekeşlige ýaşyl çyra ýakdy, arasynda köp arça ekdirdi. Indi şol arçalar alam-nar, pisse we hoz getirýär, bizem hezil edip iýýäris."