Durmuş sapagy

Adam aýtdy:

"Kommunistler bize hiç kim bolup ýaşamagy öwretdi. Köp adam muňa begendi, sebäbi hiç kim bolsaň, hiç howp ýok: tapanjaňy iýip-içip, geýip we münüp, ýogsa-da pyýadaja gezibermeli. Esasy partiýany sylamaly, partiýadan gorkmaly! Daýhan ýa çopan, işçi ýa intelligent bol, ýokary derejelere ýet, tapawudy ýok, seniň abadançylygyň partiýany näderejede sylaýşyňa bagly. Eger-de partiýanyň işi rowaç bolsa, ýagny başga partiýa döremese, onuň işini sorag astyna salýan tapylmasa, seniň başyňa ozalkyja gara günüňden artyk gowga gelmez. Elbetde, açlyk bolsa, ýa partiýa başga bir döwlete garşy uruş yglan etse, seniň günüň has agyrlaşar. Urşa git diýse, gidersiň we ölýänçäň ýa maýyp bolýançaň söweşersiň. Eger partiýa uruşda ýeňse, saňa biraz ýeňillik döreder, iň bolmanda ýeňiş gününde seni sylan bolar. Eger uruşda ölseň, yzyňda dul galan aýalyňa ýylda bir gezek galoş-beýleki sowgat berer. Dogry, hiç kim bolup ýaşamagy halamaýanlar hem, ondan çykjak bolýanlara hem bar. Ýöne olary partiýanyň nä günlere salýanyny sizem görýärsiňiz, menem."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024