Kanundan ýokarda bolmak deňligi

Adam aýtdy:

"Konstitusiýamyz, baş kanunymyz boýunça, bizde-de dünýäniň iň ösen ýurtlaryndaky ýaly gowy kanunlar bar: adam saýlap we saýlanyp bilýär, pikirini aýdyp bilýär, islän dinine uýup ýa-da uýman bilýär, hiç hili zorluk ýok. Ýene bir gowy zat, ösen demokratik ýurtlardaky ýaly, bizde hem hiç kim kanundan ýokarda bolmaly däl. Emma ol diýilýän demokratik ýurtlarda kanun käte aşa baý adamlaryň, uly-uly milliarderleriň aşagyna düşýän bolsa, bizde ol sähel puly bolan islendik adamyň aşagyna düşýär. Aýdaly, köçede düzgüni bozup tutulsaň, polisiýa bäş-üç dollar möçberinde para berseň-de, kanunyň üstüne çykyp bilýärsiň. Bu biziň demokratiýamyzyň kemçiligi däl, artykmaçlygy hasaplanmaly. Sebäbi adamlaryň, baýlygyna ýa sosial durumyna garamazdan, kanundan ýokaryk çykmak mümkinçiliklerinde deňlikleri uly."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024