Çäksiz döredijilik
Adam aýtdy:
"Başga milletler gowy-gowy awotulaglary, uçarlary, gämileri, oba hojalyk maşynlaryny we beýlekileri öndürýär. Olar ulanmaga gaty amatly, ýagyna-suwuna seredip ulansaň, uzak ýyllar derdiňe ýaraýar. Ýöne olaryň bir kemçiligi bar, düýe ýüň ýüplüginden işilen alajalary, haly-seçek bezegleri ýok ýok. Onsoň biziň milletimiz toý-tomaşa eden, bäbek bäbekhanadan çykanda diýen ýaly täzeden-täze toý- tomaşa döredip, başga döwletlerde sünnäläp, aňrybaş diýlip öndürilen iň soňky model awtoulaglaryň hem kemsini, düzedýär, olary şaýly gelin ýaly bezeýär. Şondan ol awtoulaglar has owadan we milli bolýar. Diýmek, biz at-eşekden ýykylyp ýörmekden aňryk geçmedik gynanmaly däl, başgalaryň iň kämil görnüşde ýasan zatlarynyň hem kemçiligini tapyp, düzedip, üstüni ýetirip ýa dolduryp bilýän bolsak, biziň milli döredijiligimiň hiç çägi ýok!"