Kommunist nebsi

Adam aýtdy:

"Düýnki ýaly ýadymda, gazet-žurnallaryň başky sahypalarynyň iň ýokarsynda "Ähli ýurtlaryň proletarlary, birleşiň!" diýen ýazgy bolardy. Bu kommunistleriň, ýalňyşmasam, baş şygarlarynyň biridi. Olar bütin dünýäde proletariat rewolýusiýasyny ýa-da agdarylyşygyny geçirmegi maksat edinýärdiler. Proletar sözüni ýoksul, garyp-pukara diýip düşündirerdiler, olaryň bu ýagdaýa düşmegine doýmaz-dolmaz kapitalistler günäkär diýerdiler. Şeýle-de kapitalizmiň çüýreýändigini, gelejeginiň ýokdugyny, sosializmiň bütin dünýäde üstün çykjakdygyny aýdardylar. Emma kommunistler birden din-imanlaryny üýtgedip, azat bazar gatnaşyklaryna, ýagny kapitalizme gol ýapyp başladylar. Olaryň içinde has ýeserleri sanlyja ýylda millioner, milliarder boldy we toplan kapitalyny, pullaryny daşary ýurtlara çykaryp, kapitalistleriň banklarynda gizledi. Şeýle-de olar gazet-žurnallaryň, telewideniýäniň we radionyň howandarlary boldular. Öň kommunistleri wasp eden, kapitalistlere gargan ýazyjy-şahyrlar, doýmaz-dolmaz baý-kulaklary paş eden sungat işgärleri, žurnalistler bolsa, derrew öz täze dörän kapitalistlerimiziň waspyny etmäge başlady. Geň ýeri, kommunistler öň proletariat diktaturasyny berkarar etjek bolup, millionlarça adamy gyrgyna beren bolsa, kapitalist ýa bankirler diktaturasy, käbir kapitalist ýurtlarda uruş-gowga bolsa-da, bizde umuman parahatçylykly, ozalky kommunistleriň içinde baslygyp ýatan kapital islegi esasynda, häzirlikçe asudalykda amala aşýar. Proletarlar, ýoksullar bolsa, häzirlikçe, özümizde bir-birini iýýän, kiçileri ýuwudýan uly kapitalistler ýetişýänçä, öňkülerinden hem beter ýoksullaşýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024