Biziň zorlugymyz

Adam aýtdy:

"Biziň halkymyzyň diňe iň ýokarky wezipelere çykan dolandyryjylary däl, ýokardan aşak ählisi, öý hojalykçy aýallaryna çenli, özümizden has köp ilatly ýurtlaryň garyplykdan çykmagy, işsizligi azaltmagy, çagalaryny gowy okatmagy, hatda başgalaryň millionerleriniň, milliarderleriniň köpelmegi üçin örän uly tagalla edýär. Mysal üçin, Hytaýda öndürilýän plastmassa oýunjaklary alyp göreli. Bizde toý, üýşmeleň edýän hojalyklarda şol oýunjaklary hökman satyn almaly we toýda seçmeli diýen düzgün ýa ynanç bar. Bu düzgünden, diňe şol hili bolgusyz zatlary ýurda getirip satmakdan ujypsyz peýda görýän adamlarymyzy hasap etmesek, biziň halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmaga hiç bir peýda ýok. Erkekleriň ozalam garyp hojalyga çilim, nas, arak-şerap, tirýek-geroin ýa başga neşe harajatlary bilen zarba uruşlary ýaly, aýallarymyz öz bolgusyz däpleri bilen özlerine goşmaça problema döredýärler. Biziň syýasatçylarymyzyň, halkymyzyň başga ýurtlaryň ykdysady meselelerini çözmek ugrunda edýän irginsiz tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda dünýäniň birnäçe ýurdunda, şol, sanda doganlyk Türkiýede birnäçe täze milliarder döredi. Munuň üstesine, biz başga ýurtlary arzan işçi güýji bilen hem barha köp üpjün edýäris. Hytaý bolsa, dünýäniň çar künjegindäki garyp adamlaryň satyn alýan hytaý önümleriniň arkasyndan barha baýaýar we başga ýurtlarda maýa ýatyryp, tory has aňyrlardan gurýar. Bu ýerde başga ýurtlardaky ýeser adamlara däl, biziň özümize zor diýmeli. Sebäbi biz olara şeýle kömegi meýletin, ýüregimiz aşa gowy bolansoň edýäris, olaryň özümize ýetirýän zyýanlaryna geçirimlilik edip, göz ýummagy başarýarys. "

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024