Depede küýze döwenler

Adam aýtdy:

"Ýolda garakçylyk edýän polisiýa işgäri seni awtoulagyň ak däldigi üçin ýoldan saklar, berim berip, başyňy gutarmaly bolarsyň; sud, prokuratura, milli howpsuzlyk işgärleri sähel zat üçin gözenegiň arkasyna taşlar we beýtme diýseň, kanuny we watany nähili söýmelidigini aýdyp, tonna-tonna akyl, maslahat berer, almaly bolarsyň. Emma bir gün şol polisiýa işgäri onlarça ýyllap eden egriligi üçin işden gyrakladylar, sud, prokuratura, howpsuzlyk işgäri türmä basylar, türmeden boşar ýa ol ýerden ölüp geler. Ildeşsiň, tiredeşsiň, tanyşsyň, çagalaryny göremde utanyp ýörmeli bolmaýyn diýip, türmeden çyksa, gözüň aýdyňa bararsyň, hassa bolsa, halyny sorarsyň, ölse, ýerine görnüp, aýat-töwir edersiň. Gowy adamdy, pylan ýerde düzgün bozamda, meni sypdyrypdy diýip, alan parasyny agzaman öwseler, senem baş atarsyň. Sebäbi ýykylanyň ýeňsesinden depilmez, öleniň yzyndan ýaramaz gep aýdylmaz. Ýene-de bize garakçylyk etmeýän polisiýa, para almaýan sud, prokuratura... işgärleri gerekmiş. Bu entejikler bolmasa gerek, sebäbi biz özümizi ezýänleri, kemsidýänleri, hatda öldürýänleri hem, ýazgarmakdan geçen, aklaýarys we hyjuwlandyrýarys. Bizde suw getiren-de, küýze döwen-de bir, belki küýzäni başgalaryň depelerinde döwýänler has gowy sylanýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024