Gelip-giden döwlet
Adam aýtdy:
"Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler, ilden döwlet gider bolsa, molla bilen tozan geler" diýerdiler. Emma indi bagşylaram kanunlaşan ogrularyň gullugynda, mollalaram... Ýa döwlet biz dogulmankak gelip, biz doglanymyzdan soň yzyna gitdimikä? Özümizi bilelimiz bäri şol bir ýagdaý: duran tutulýar, gaçan gutulmaýar."