Eden-etdiligiň bady

Adam aýtdy:

"Millete güljegiňem bileňok, aglajagyňam. Ýerine jaý ýa öwez puly-beýleki berilmän jaýlary ýykylýan adamlaryň birnäçesi ýurt daşyndaky hukuk goraýjylardan hukuk geňeşini soraýar. Kanun ýa hukuk bar ýerinde, ýaşaýyş jaýynyň, ýaşaýjynyň emläginiň eldegrilmesizdigi, adama jaý bermän, onuň oturan jaýyny ýykyp bolmaýandygy, adamy çagalary bilen köçä zyňyp bolmaýandygy hiç bir geňeşsiz hem düşnükli. Emma kanun ýok ýerinde, döwletiň öz kanunyny ilki özüniň aýak astyna salýan ýurdunda adamyň diňe jaýyny, emlägini däl, özüni hem arkaýyn ýok edip bolýar. Bu ýok edişlik diňe soňky otuz ýyl bäri däl, dünýe döräp dowam edýär. Ýöne ony bolşewik-kommunistler tas kanunlaşdyryp gitdiler. Gülkünç ýeri, adamlar muňa eden-etdilik öz üstlerinden gelýänçä düşünmedik bolýarlar. Olar özlerinden öň jaýlary ýykylanlary, nähak türmä basylanlary... görmeýärler, bilmeýärler. Iň beteri, başarsa köp adam hukuk bilimini aljak, çagasyny hukuk ugrundan okatjak, häkim boljak. Ýok, hukuga ýa halka hyzmat etmek üçin däl, köpräk eden-etdilik etmek, hiç kime hasap bermezlik, kanuny depeläp ýaşamak üçin. Dogry, arasynda tutulyp-basylýany, türmede ölýänleri hem bar, emma bu adamlaryň kanundan ýokarda bolmak islegini birjik-de kemeltmeýär. Olar para berip, okaman hukuk bilimini alýarlar, uly wezipelere geçýärler we eden-etdilik bedew bady bilen öňe barýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024