Köplügiň bagty

Adam aýtdy:

"Aglaba köplügiň ýa ýarymçyk azlygyň bagty ýa betbagtlygy diňe öz mertebesi üçin göreşip bilmezliginde hem däl, olar, öz nalajedeýinliklerini aklamak üçin, köplenç iň bir göreşiji, gaýduwsyz adamlaryň gybatyny ederler, töhmet, şyltak atarlar. Bu olara belli bir derejede hoşwagtlyk, ruhy rahatlyk, ynjalyk getirer. Emma bu ahwalat olaryň betbagtlyklaryny azaltmaz. Sebäbi olaryň gybaty göreşijileriň bolmanda badyny gaçyrar, bolaýjak, geläýjek üýtgeşiklikleri, ýeňillikleri hem gijikdirer ýa asla gelmez ýaly eder."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024