Adamhorlara gerek syýasat

Adam aýtdy:

"1930-njy ýyllaryň başynda, Staliniň agrar syýasaty, zorlukly kollektiwleşdirme, hakykata garşy töwerekleýin wagyz urşuny gurnamak netijesinde SSSR-de açlykdan sekiz-on milliona çenli adam ölüpdir. Açlygyň pidalarynyň aglabasy galla ekilýän etraplaryň, geçmişde malyň we gallanyň bol bolan ýerleriniň ilaty bolupdyr. Ýöne açlykdan tutuş ýurt, hatda şäherleriň ilaty hem dürli derejelerde ejir çekipdir. Bu, hakykatda, döwletiň öz halkyna garşy, çörek üstünde turzan urşundan başga zat däl. Mesele diňe çörekde hem däl, kommunistler daýhanlary dyza çökermek, doly tabyn etmek isläpdirler. Olar şeýdip özlerini, döwleti hem dyza çökerýändiklerini, ýurduň geljegini ýok edýändiklerini görerden ýa muny aýdanlary diňlärden has gedemdi. Sowet ýazyjy-şahyrlary bu urşy, bu gedemligi wasp edipdirler, "baý-kulak" diýilýänleri garalamak üçin söz gaýgyrmandyrlar. Bu syýasat Orsýetde we bizde köp derejede saklanyp galýar. Ýönekeý adamlar taryhdan hiç zat öwrenmeýär, dolandyryjylar bolsa diňe erbet zatlary, halky nädip tabyn saklamagyň ýollaryny öwrenýärler. Megerem şundan, Staliniň agrar syýasaty, hakykata garşy wagyz-nesihat köp derejede saklanyp galýar. Bu halka däl, dolandyryjylara gerek."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024