Garyp aristokrat
Adam aýtdy:
"Sowet garyplygynda önüp-ösüp, okap, ilki aktýor, soň režissýor bolup tanalanda, ol meniň sylaýan adamlarymyň biridi. Biri gezek, telesöhbetdeşlikde, Moskwada okaýan wagtynda bir tanymal türkmeniň özüne palto, aýakgap satyn alyp berşini gürrüň berenden soň, meniň oňa hasam sylagym artypdy. Her gezek baýrak alanda, ogul jigim bolan ýaly begenerdim. Emma soň, 90-njy ýyllaryň öwür-çöwürliginde, öňki kommunistler birden biznesmen bolanda, onuň bilen Moskwa barýan uçaryň üstünde pete-pet boldum. Eşidipdim, kärdeşleriniň biri onuň nebit söwdasyna baş goşandygyny, indi kinoçylyga diňe hobbi hökmünde seredýändigini gürrüň beripdi. Onuň egin-başy şol wagtlar diňe kinolarda duşýan aristokratlaryňkydan gözilginç bolmasa, kem däldi. Pahyr, näçe kino görse-de, näçe kino döretse-de, näçe pula çümse-de, ruhy garyplykdan çykyp bilmändir."