Akmaklygyň güýji
Adam aýtdy:
"Ýaşym aňry gitdigiçe Wasiliý Şukşin bilen ylalaşasym gelýär, ol bizi ne akyl, ne hakykat, ne hakyky güýç-kuwwat, ne-de bir janly idea bilen dolandyrýarlar, bu ýerde ýekeje düşünidiriş bar: bizi öz akmaklygymyz arkaly dolandyrýarlar diýipdir. Akmaklyk bizi sanlyja onýyllykda asyrlap yza zyňan ýaly. Ilki dogry-düzüw bolman, el ogşap gün görjek bolduk, indi ogurlyk edip, dyza çöküp saklanjak bolýarys. Ýene on ýyldan näme etmeli bolarkak?"