Garyndaşlyk

Adam aýtdy:

"Bir tanşym bardy, ilki günümi görjek bolup, soň dogan-garyndaş arasynda möhüm bitirýän, dili uzyn boljak bolup, etmedik işim galmady, adam öldürenem türmeden alyp galdym, eden jenaýatlarymyň ýarysyny boýun alsam hem, Teke bazara çykaryp, asaýmaly meni diýerdi. Ahyry ölende-de dogduk obasyna barýarka, takside öldi. Toýa-ýasa hökman görünjek bolardy, biriniňkä baryp, beýlekisiniňkä barmasaň, garyndaşlar gaty görýär diýerdi. Soňky ýyllarda, il garyp düşensoň, ol hasam gerekli boldy. Sebäbi gazanjy bardy. Boş gaýtarmansoň, garyndaşlary onuň öýüne at tezegini guratman gatnardylar. Bir oňaran zady, ogullaryny okadyp, irgözinden daşary ýurtlara çykardy. Güjükligime dalandym, gorkup, gypjyn-gypjyn ýaşadym, özümi däl, il näme diýer diýer diýip, ile ýaranmagyň pikirini etdim, çagalarym bir meniň günüme düşmesin diýerdi. Arada kiçi ogluny gördüm, ejesini görmäge bir hepdelik gelipdir. Gepiň gerdişine, oba gitmediňmi, kakaň-a obaçyldy, eli sypynsa giderdi diýdim. Ýok, daşary ýurtda goýanoklar, telefon edip, kakaň garyndaşlyk edýärdi, sen garyndaşlyk etjek dälmi, ýa sen ataň ogly dälmi diýip, hüňür-hüňür edýärler, kakam pul berip, ýaman öwredipdir olary, garyndaşlyk aýlygyňy paýlaşmakdyr öýdýärler diýdi."

12.11.19.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024